Türkmenistan bilen Mongoliýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi

  • 31.03.2026 20:39
  • 2.2k+

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini aýratyn belledi. Türkmen wekilleri Mongoliýanyň parlamentarilerini ýurduň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty, milli Parlamentiň gurluşy we amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýady bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda parlament diplomatiýasynyň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň hem-de telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem taraplar parlament derejesindäki duşuşyklaryň we maslahatlaryň iki halkyň bähbidine hyzmat edýän hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjekdigini tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurduň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek zenanlaryň dialogynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň we demografiýa meseleleri boýunça çäreleriň ähmiýetini nygtady.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......