Aşgabatda çagalar döredijilik merkezlerini we kitaphanany gurmagyň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary hödürlenildi

  • 05.04.2026 19:19
  • 3.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Aşgabatda «Güneşli» çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy, şeýle hem «Jahan» döredijilik merkeziniň we Bazar Amanow adyndaky kitaphananyň döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär. Bu meseleler Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherindäki Gaznanyň ştab-kwartirasyna amala aşyran saparynyň dowamynda maslahatlaşyldy diýip,  «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Alnyp barylýan işler barada Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hasabat berdi. Onuň aýtmagyna görä, Bazar Amanow adyndaky kitaphanada otaglary döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, asman jisimlerini ylmy taýdan öwrenmek üçin obserwatoriýa gurmak we teleskop oturtmak meýilleşdirilýär.

«Jahan» merkezinde fitnes-zalyny, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglaryny, ýöriteleşdirilen ders otaglaryny, açyk we ýapyk sport zallaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem çagalara dizaýn we marketing ugurlary boýunça bilim bermek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde diňe bir çagalar üçin däl, eýsem olaryň ene-atalary üçin hem degişli şertler döredilýär.

Merkezde dürli ugurly otaglar hereket eder, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge aýratyn üns berler. Bu ýerde pilates, ýoga we saýkl ýaly ugurlar boýunça fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

O.Atabaýewa bu desgany «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibi makullady. Şunlukda, çagalaryň isleglerine we olary saýlap alan hünärlerine ugrukdyrmak meselelerine aýratyn üns berilmelidigi bellenildi.


03.05.2026 12:23
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......