Aşgabatda gender deňligi we parlamentara dialogy boýunça maslahat geçirildi

  • 28.03.2026 10:03
  • 1.4k+

26-njy martda Aşgabatda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdy.

Çäre Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde guraldy. Açylyş dabarasynda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer, şeýle hem halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri çykyş etdi.

«Bu halkara maslahat Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmekde gazanan oňyn tejribesini paýlaşmak we täze tejribeleri öwrenmek, öňe sürülýän başlangyçlary hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, tagallalary birleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança bolup hyzmat eder» – diýip, Mejlisiň Başlygy belledi.

Gatnaşyjylar gender deňligini üpjün etmek boýunça halkara tejribesini we ileri tutulýan ugurlary, kanunçylygy ösdürmegi, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmegi we parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maslahatlaşdy. 2026–2030-njy ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny goramak mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Maslahatyň çäklerinde halkara kadalaryny durmuşa geçirmekde we hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentarileriň tutýan orny bilen bagly meselelere garaldy. Halkara guramalar, şol sanda UNFPA bilen özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça gatnaşyjylar şeýle çäreleriň dowam etdirilmeginiň we parlamentara dialogyň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş etdi.


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....