Türkmenistan we Belgiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy

  • 31.03.2026 07:52
  • 1.5k+

30-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdi. Esasy üns syýasy-diplomatik gepleşiklere, daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklaryna we türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmäge gönükdirildi.

Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Belgiýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmekdäki orny nygtaldy.

Şeýle hem halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklar baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugra hem aýratyn garaldy. Taraplar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we telekeçileriň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdy.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselelerine seredildi.


düýn 23:05
934

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......