Aşgabatda «Ynsanperwerlik ýoly» atly halkara maslahat geçirildi

  • 27.03.2026 16:26
  • 1.5k+

26-njy martda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Ynsanperwerlik ýoly» atly halkara maslahat geçirildi.

Halkara maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň, Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri hem goşuldy.

Gatnaşyjylar halkara ynsanperwer guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garady. Şeýle işleriň tejribe alyşmaga hem-de işgärleriň we meýletinçileriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Halkara giňişliginde ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öne sürmekde Türkmenistanyň tutýan ornuna aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda TGÝMJ-niň alyp barýan işleriniň ynsanperwerlik, özygtyýarlylyk we meýletinlik ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.

Maslahatyň jemleri boýunça gatnaşyjylar çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirip, öňe sürlen başlangyçlary döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......