Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

  • 28.03.2026 01:21
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Elektrik energetika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem onuň eksport edilýän möçberini artdyrmak üçin çäreler görülýär. Desgalaryň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, pudagyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda elektrik energiýasyna bolan içerki islegleri kanagatlandyrmak we eksport möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany döwlet elektrik stansiýalarynyň işini döwrebap ýola goýmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleriň ýerine ýetirilmegini guramagy tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......