Latyn Amerikasy dünýä azyk bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

  • 30.03.2026 11:09
  • 4.5k+

Latyn Amerikasy dünýäniň esasy azyk üpjün edijileriniň biri hökmündäki ornuny berkidýär. Sebitdäki ýurtlar soýa we sygyr etinden başlap, kofe we awokado çenli dünýäde üpjünçiligiň uly bölegini emele getirýär.

Seljerijiler häzir diňe bir sebitiň artýan islegine jogap bermän, eýsem oňa täsiriniň güýçlenýändigini belleýärler.

Braziliýa kofe, soýa, mekgejöwen, şeker çiňrik we sygyr etini öndürmekde öňdebaryjy bolmagynda galýar. Bu ýurt dünýäde kofe öndürmekde öňdeligi eýeleýär we soýa hem-de sygyr etiniň iň uly eksportçylarynyň biridir.

Argentinanyň orny hem uly, ol soýa, mekgejöwen, bugdaý we sygyr etini öndürmekde ýokary derejeleri görkezýär. Ol soýa ununyň we mekgejöweniň öňdebaryjy eksportçysy bolmak bilen, Aziýany we Ýewropa ýurtlaryny önüm bilen üpjün edýär.

Market Data Forecast-yň maglumatlaryna görä, sebitiň oba hojalyk bazary azyk önümlerine, bioýangyja we oba hojalyk önümlerine bolan isleg sebäpli öser.

Beýleki ýurtlar eksportyň anyk ugurlaryna ünsi jemleýärler. Meksika işjeň ýagdaýda awokado, pomidor we miweleri eksport edýär. Kolumbiýa kofesi we gülleri bilen, Ekwador bolsa bananlary we krewetkalary bilen tanalýar. Peru awokadonyň, üzümiň we sparjanyň eksportyny artdyrýar, Çili bolsa miwe, çakyr we losos önümçiligini ösdürýär.

Seljerijiler önümleriň dürlüliginiň, amatly howa şertleriniň we oba hojalyk tehnologiýalaryna goýulýan maýa goýumlaryň sebitiň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmegine kömek edýändigini belleýärler.


düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.5k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......