100 dollarlyk kagyz pullarda Donald Trampyň goly peýda bolar

  • 28.03.2026 08:35
  • 15k+

ABŞ-nyň geljekki 100 dollarlyk banknotlarynda Donald Trampyň goly bolar. Bu barada Maliýe ministrligi habar berdi.

Bu taryhda amerikan walýutasynda häzirki Prezidentiň golunyň ilkinji gezek peýda bolýan ýagdaýy bolar. Ozal banknotlarda gaznaçynyň goly ýerleşdirilýärdi, emma indi 165 ýylyň içinde ilkinji gezek bu tejribeden ýüz öwrüler.

Maliýe ministri Skott Bessentiň aýtmagyna görä, täze banknotlaryň çykarylmagy şu ýyl bellenilip geçilýän ABŞ-nyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar.

«Prezident Trampyň ýolbaşçylygynda biz görlüp-eşidilmedik ykdysady ösüşe, dollaryň uzak möhletleýin agalygyna, şeýle hem maliýe taýdan güýç-kuwwata we durnuklylyga tarap barýarys. Beýik ýurdumyzyň we Prezident Donald Trampyň taryhy üstünliklerini bellemegiň, onuň adyny dollar banknotlarynda ýerleşdirmekden has aýdyň usuly ýokdur» – diýip, Bessent belledi.

ABŞ-nyň gaznaçysy Brendon Biç hem Prezidentiň ýurduň ykdysadyýetine goşan goşandynyň wajypdygyny aýdyp, bu çözgüdi goldady.

Donald Trampyň we Skott Bessentiň gollary bolan ilkinji banknotlary iýun aýynda çykarmak meýilleşdirilýär diýip, «Reuters» ýazýar.

Şeýle-de, Trampyň şekilini Amerikanyň 250 ýyllygy mynasybetli çykarylýan birnäçe beýleki materiallarda hem ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Gözel sungat boýunça komissiýa (ol Trampyň özi tarapyndan döredildi) ýakynda Ak tamyň Baştutanynyň stoluň başynda ýumruklaryny gysyp duran şekili bolan uly ýadygärlik altyn teňňäniň dizaýnyny makullady. Komissiýa, şeýle hem, Trampyň şekili bolan bir dollarlyk teňňäniň taslamasyna garaýar.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......