Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

  • 28.03.2026 23:25
  • 12k+

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, ozal ýurt kagyz pullary daşary ýurtlarda çap etdirýärdi we bu iş uly çykdajylary talap edýärdi. Indi bolsa pul önümçiligi respublikanyň öz içinde ýola goýuldy.

«Şu gün Gyrgyzystan üçin taryhy gün! Indi hemme zat üýtgedi. Biz eýýäm öz walýutamyzy sargyt boýunça çap edip biljek derejä ýetdik» diýip, prezident Žaparow belledi.

Täze önümçilik dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan halkara sertifikata hem eýe boldy. Şeýle-de, ýurtda iň ýokary hilli döwlet resminamalarynyň — umumy raýatlyk pasportlarynyň, ID-kartlaryň, sürüjilik şahadatnamalarynyň we awtoulaglaryň tehniki pasportlarynyň önümçiligi-de ýola goýuldy.

Žaparowyň belleýşi ýaly, indi ýurt diňe özüniň däl, eýsem beýleki döwletleriň hem pullaryny we resminamalaryny çap etmäge taýýar. Eýýäm birnäçe daşary ýurtlardan degişli sargytlar kabul edilip başlandy.


düýn 16:45
776

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.4k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......