«Hyzmatdaşlyk we ösüş» sergisine gatnaşmaga 80-den gowrak kompaniýa isleg bildirdi

  • 28.03.2026 01:16
  • 1.9k+

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşmaga eýýäm 80-den gowrak daşary ýurt we türkmen kompaniýalary isleg bildirdi, hasaba alyş işleri bolsa dowam edýär. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumata görä, döwlet Baştutanynyň garamagyna sergini guramak bilen bagly degişli teklip hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda halkara forumlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini, munuň bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutany çäräniň ýokary derejede taýýarlanylmagyny we geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly sergi 2026-njy ýylyň 2—4-nji apreli aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Sergide enjamlar, tehniki çözgütler, metal önümleri, gurluşyk materiallary, himiýa önümleri we beýleki harytlar tanyşdyrylar. Esasy ugurlaryň arasynda çig mal we materiallar, yşyklandyryş we awtomatlaşdyryş ulgamlary, «akylly» tehnologiýalar we gözegçilik ulgamlary, elektrotehniki we kabel çözgütleri, howpsuzlyk ulgamlary, ýyladyş, ýelejiretme we sowadyş çözgütleri, gurallar, şeýle hem gapylar, penjireler, interýer elementleri, izolýasiýa, keramika, landşaft we modul gurluşlary bar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......