Aşgabatda Şehitler metjidiniň namaz okalýan ýeri giňeldildi

  • 05.04.2026 19:23
  • 14k+

Häzirki wagtda Aşgabatda 500 orunlyk Şehitler metjidini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu mesele Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Alnyp barylýan işler barada Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda hasabat berdi.

Şeýle hem Bazarow türkmen gurluşykçylary tarapyndan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň gurluşyk we bezeg işleri barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzdaky metjidi döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde onuň namaz okalýan ýeriniň giňeldilendigini belledi we gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň hiline aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, ol Azerbaýjanda gurlup ulanylmaga beriljek metjidiň bezeg işlerini geçirmekde ýerli ýaşaýjylaryň pikirleriniň göz öňünde tutulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....