Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy.
Halkara sergi we maslahat Aşgabatda 24–25-nji maý aralygynda «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» şygary astynda geçiriler. Çärä döwlet edaralarynyň, gurluşyk we senagat kompaniýalarynyň wekilleri, maýadarlar hem-de inženerçilik hünärmenleri gatnaşar.
Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy 1973-nji ýylda esaslandyryldy we Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň hem-de Ýewropanyň ýurtlarynda düzümleýin, senagat we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar. Kompaniýa Türkmenistanyň çägindäki taslamalara-da işjeň gatnaşýar.
Resmi maslahat maksatnamasynyň çäginde kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Min Man-Jun senagat ösüşine, gurluşyk serişdelerine we üpjünçilik zynjyrlaryna bagyşlanan panel çekişmesinde çykyş eder.
Foruma gatnaşyjylar gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ösdürmek, senagatyň sanlylaşdyrylmagy, «Senagat 4.0» tehnologiýalarynyň durmuşa geçirilmegi we durnukly üpjünçilik zynjyrlary barada maslahatlaşar.
Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, 55-den gowrak ýurtdan 650-den gowrak wekil we pudaklaýyn hünärmenler bu çärä gatnaşjakdygyny tassyklady.
Maslahatyň maksatnamasy, sergi mümkinçilikleri we hemaýatkärlik gatnaşyklar baradaky giňişleýin maglumatlar çäräniň resmi sahypasynda elýeterlidir: «Ak şäherim Aşgabat 2026».