Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

  • 12.05.2026 20:15
  • 2.1k+

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür düzümleriniň 130-a golaýy jemlendi.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik edaralaryň wekilleri, işewürler we žurnalistler gatnaşdy.

Çäre pudagyň öňdebaryjy ylmy çemeleşmelerini hem-de täzeçil usullaryny görkezmegi maksat edinýär. Halkara sergide Eýran, Belarus, Russiýa, ABŞ, Niderlandrlar, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlaryň iri kompaniýalary öz gazanan tejribelerini we mümkinçiliklerini tanyşdyrýar. Önümçilikde we önümleri sarp edijilere ýetirmekde ulanylýan tehnologiýalar, önümleri gaýtadan işlemegiň we gaplamagyň innowasion usullary, şeýle-de taýýar azyk önümleriniň giň görnüşleri hödürlenilýär.

Çärä daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, «Tudana», «Hasar», «Owadan ülke», «Sahabatly», «Erkin Agro» we «Hasyl çeşmesi» ýaly türkmen kärhanalary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de oba hojalyk toplumynyň düzümleri sergä gatnaşyjylary ýurtda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlar we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýar.

Şeýle-de, sergi meýdançasynda işewürlik gepleşiklerini geçirmek we täze hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmak üçin ýörite B2B zolagy guraldy.

«Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi 14-nji maýa çenli dowam eder.


20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
879

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......