Bakuwda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

  • 04.04.2026 09:20
  • 2.6k+

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuwda geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çärä Guramanyň agza we synçy döwletleriniň hökümet Baştutanlary, wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdy. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady gatnaşyklar, ulag geçelgeleri, söwda, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýet, energetika we durnukly ösüş meselelerini maslahatlaşdy.

Bilelikdäki infrastruktura taslamalaryna, senagat, oba hojalygy we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň we özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Wise-premýer N.Atagulyýew öz çykyşynda umumy taryhy we medeni köklere esaslanýan türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol halkara howpsuzlygy, durnukly ösüş we BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk meselelerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgelerini, şeýle hem Hazarüsti we Lapis Lazuli ugurlaryny ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi.

Şol gün Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Prezident türki döwletleriň agzybirligini has-da berkitmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, maýa goýum gatnaşyklaryny we ulag-logistika mümkinçiliklerini, şol sanda Orta we Hazarüsti geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......