Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • 27.03.2026 08:21
  • 2.3k+

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ahalteke atlarynyň dünýä medeniýetindäki taryhy ornuna aýratyn üns berip, atçylyk sporty ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen tarapy ýurtda pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, hususan-da «Türkmenatlary» Döwlet birleşiginiň işi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy barada maglumat berdi.

Şeýle hem türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde geçirilýän halkara çäreleriniň dünýä derejeli hünärmenler üçin tejribe alyşmakda möhüm meýdançadygy bellenildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar hünärmenleriň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak we bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......