Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk ministri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 30.03.2026 23:19
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Maslahatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň we sebitlerde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Sebitlerde bugdaý ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suwaryş işleri alnyp barylýar, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli işler dowam edýär. Şeýle hem ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri amala aşyrylýar.

Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülýändigi bellenildi: öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylýar, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça çäreler görülýär.

Şeýle-de, häkimler şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýokary hasyl almak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak hem-de pudagy durnukly ösdürmek üçin oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtady. Sebitleriň ýolbaşçylaryna gowaça ekişini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işlerini hemişelik gözegçilikde saklamak, pile öndürmek möwsümine düýpli taýýarlyk görmek, şeýle hem gurluşyk işleriniň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 07:51
963

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......