2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

  • 29.03.2026 01:12
  • 7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bolsa şu günki güne çenli 2 467 çaga bejergi aldy. Bu barada 28-nji martda «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Bu maglumatlar Gaznanyň Arkadag şäherinde geçirilen Müdiriýetiniň mejlisinde beýan edildi. Mejlisiň dowamynda Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hasabat bilen çykyş etdi.

Ol çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döwrebap usullaryň hem-de tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylýandygyny belledi. Bu bolsa çagalar üçin toplumlaýyn dikeldiş bejergisini ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýändigi nygtaldy. Geçen ýyl Arkadag şäherinde onlarça döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi. Onuň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edilip, ol BMG-niň resmi dillerine terjime edildi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Mundan başga-da, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy we Geýdar Aliýew adyndaky gazna ýaly birnäçe guramalar bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň çagalara lukmançylyk we maddy kömek berýändigi, olaryň bejergi almagyna we saglygyny dikeltmegine ýardam edýändigi, şeýle hem ýurduň içinde we onuň çäklerinden daşarda ynsanperwer başlangyçlary goldaýandygy bellenildi.


16.04.2026 22:10
8.5k+

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň wekili bilen «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň......

11.04.2026 15:37
4.6k+

Gaz, logistika we emeli aň: Türkmenistan bilen Hytaýyň hökümetara komitetiniň mejlisinde näme maslahatlaşylar

Türkmenistanyň Prezidenti Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Resminama 10-njy......

08.04.2026 16:50
3.1k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

08.04.2026 07:24
14k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....