Türkmenistan intellektual eýeçiligi goramagyň halkara standartlaryny ornaşdyrýar

  • 28.03.2026 00:36
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, konsepsiýanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi. Onuň aýtmagyna görä, resminama 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip düzülýär.

Berlen maglumatlara görä, konsepsiýa halkara standartlaryny we milli bähbitleri nazara almak bilen, intellektual eýeçilik ulgamyndaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, innowasiýalary we döredijilik işini höweslendirmek, innowasion we ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, intellektual eýeçiligiň obýektlerini we netijelerini önümçilige ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli hünärmenleriň hünär derejesini ösdürmek we bu ulgamda sanly hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça çäreler bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, intellektual eýeçilik ulgamyny halkara tejribesi esasynda ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutany degişli Karara gol çekdi we wise-premýere bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......