Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar
2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....
2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....
Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....
Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......
Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...
Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar...
Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir...
Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär...
Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar...
Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...
Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...
2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminde 90-njy ýyllarda ýoň bolan içi görülýän köwüşler moda görä geýinmegiň baş alamatlarynyň biri bolar. Şunlukda köwüşleriň häzirki zaman materiallary bilen utgaşdyrylan sypaýy görnüşleri ýene-de moda dünýäsine gaýdyp geler...
Jacquemus we Nike brendleri bahar möwsümi üçin Jacquemus x Nike Moon Shoe SP krossowkalarynyň täze reňklerini çykardy. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Aýakgabyň dizaýny 1972-nji ýylyň taryhy modeline esaslanýar...
Metropoliten-muzeýi Met Gala 2026 haýyr-sahawat balynyň mowzugynyň «Moda — bu sungat» diýlip atlandyrylýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Vogue neşiriniň habar bermegine görä, çäre 4-nji maýda Nýu-Ýorkdaky (ABŞ) Condé Nast Galleries giňişliginde geçiriler...
Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...
Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär...
Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...
Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi...
Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr...
Türkmen dizaýneri Göwher Güwerne-Pirkulyýewa, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 4-nji we 8-nji fewral aralygynda geçirilýän «Oriental Fashion Show» çäresiniň çäklerinde fransuz kutýurýesi Klod Patrik bilen bilelikde taýýarlan lybas toplumyny görkezdi...
Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...
Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...
Versace moda öýüniň döredijilik müdiri wezipesine belgiýaly dizaýner Piter Mülýe bellenildi. Bu barada Prada Group yglan etdi. Şertnama 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer diýip, Vogue neşiri habar berýär...
Lyst platformasynyň bilermenleri tarapyndan 2025-nji ýylyň soňky çärýeginiň iň meşhur moda brendi saýlanyldy. Moda industriýasynda alyjylaryň hereketlerini öwrenmäge ýöriteleşen Lyst, geçen ýylyň soňky çärýeginde iň ýörgünli moda markasy hökmünde Saint Laurent-iň adyny tutdy...
Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...
Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler...
Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler...
Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar...
Moda yzygiderli üýtgeýär. Şu günki döwrebap hasaplan lybaslaryň ertir eýýäm antitrend hasaplanyp bilner. Şundan ugur alyp, Peopletalk neşiriniň bilermenleri 2026-njy ýylda modadan galjak birnäçe stillerdir biçüwler barada ýörite seljerme taýýarladylar...
«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...
Levi Strauss & Co. kompaniýasy ýaşlara egin-eşikleri abatlamagyň esaslaryny öwretmäge gönükdirilen «Levi’s Wear Longer» atly bilim taslamasyny işläp taýýarlady. Bu maksatnama ABŞ-nyň mekdepleriniň 9–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir...
Blackpink keý-pop toparynyň agzasy Lisa Nike markasynyň täze ambassadory boldy. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, Hypebae neşiri habar berýär. Ýaňy-ýakynda Lisa Parižde aýagyna Air Max 95 krossowkasyny geýip, köpleriň ünsüni çekdi, bu täze hyzmatdaşlygyň ilkinji alamatlary hökmünde kabul edildi...
Crocs we Lego kompaniýalary bilelikde konstruktor bölekleriniň ulaldylan görnüşinde taýýarlanan sabo aýakgaplaryny çykardy. Täze önüm çagalar we ulular üçin kolleksion aýakgap hökmünde satylýar diýip, Bloomberg habar berýär...
Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi...
Dior moda öýi aktrisa Teýlor Rassel bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ol brendiň ilçisi boldy we döredijilik müdiri Jonatan Anderson tarapyndan hödürlenýän kolleksiýalary görkezer. Rassel eýýäm birnäçe möwsüm bäri Dior-yň moda görkezişlerine we Andersonyň taslamalaryna gatnaşýar...
Chanel 2026-njy ýylyň ýaz-tomus mahabat kampaniýasyny görkezdi. Bu kompaniýa moda öýüniň täze döredijilik direktory Matýe Blaziniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji kampaniýadyr diýip, WWD habar berýär. Surata düşürmek işleri Lazur kenarlaryndaky «La Pauza» willasynda geçirildi...
Pinterest platformasynyň seljerijileri 2026-njy ýylda trendde boljagy çaklanylýan reňkleriň sanawyny çap etdiler. Olaryň pikirine görä, bu ýyl solak mawy, nefrit we garamtyl garaly reňkleri öňe çykar. Kompaniýa asuda we öçügsi reňkleriň meşhurlygyny kem-kemden ýitirýändigini belleýär...
Milanda Erkekler modasynyň hepdeligi öz işine başlady. Bu möwsümde moda hepdeliginiň maksatnamasynda 76 sany çäre meýilleşdirildi. Instagram-daky Lyst neşiriniň habar bermegine görä, hepdeligiň başynda iň täsirli pursatlaryň biri — «Dolce & Gabbana» brendiniň garaşylmadyk konsepsiýaly görkezilişi boldy...
Italiýanyň «Il Messaggero» gazeti dünýä belli Valentino brendiniň esaslandyryjysy, meşhur modelýer Walentino Garawaniniň mirasy baradaky maglumatlary açyklady. 19-njy ýanwarda 93 ýaşynda aradan çykan dizaýneriň umumy baýlygy takmynan 2 milliard dollar möçberinde çaklanylýar...
Vogue fransuz žurnaly 2026-njy ýylda regencycore stiliniň meşhurlygynyň artjakdygyny çaklady. Gürrüň XIX asyryň modasyndan, ilkinji nobatda, Beýik Britaniýada regentlik döwründen ylham alan egin-eşikler barada gidýär...
Viktor & Rolf moda öýi Disney we Mattel kompaniýasy bilen bilelikde çäkli sanda kolleksiýa üçin niýetlenen Zoluşka gurjagyny döretdi. Onuň tanyşdyrylyşy 21-nji ýanwarda Parižde geçirildi diýip, WWD habar berýär...