Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

  • 23.04.2026 11:43
  • 3.9k+

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz toplumlaryndaky lybaslara siňdirjek bolup yhlas edişleri, munuň, hälki bir, «Höwes et–bes et» diýlendäki ýaly däldigine güwä geçýär.  

Hakykatdan hem, sazyndan-sözünden müň many çykaryp bolýan Gündogaryň lybaslary-da durşy bilen syr. Iň bärkisi, gündogarly gözeliň başyndaky çalmanyň nädip daňylandygyny-da, özünden başga kişiniň bilip biläýjegi gümana.

Moda gyzyklanmalary dürli görnüşde ýüze çykýar. Käbir brendler öz lybas görkeziliş dabaralaryny Aziýa şäherlerinde geçirseler, beýlekileri toplumlarynda boýdan-başa gündogar däp-dessur elementlerini ulanýarlar. Şeýdip, podiumlarda yzly-yzyna kimono, tunika, şalwar we sipaýo stilindäki köýnekleri geýen günbatarly modeller peýda bolýar.

Geçen tomus ýoň bolan şalwarlar bu möwsümde hem arzyly. Olary dürli brendleriň toplumlarynda – keşdelenen açyk reňkli nusgalardan başlap, has sada görnüşlerde-de görmek bolýar. Dizaýnerler lybaslaryny durnanyň, ýelpawajyň şekilleri bilen nagyşlamagy, şeýle hem köýnekleriň durkuny Aziýanyň täsin binagärlik aýratynlyklaryna meňzetmegi-de gowy görýärler.

Guşakly giň kimonolar, žakkard matadan tunikalar we biliňe dakylýan ýüpek şarflar hem ýatdan çykanok. Göwrä saralyp duran sipaýo köýnekleriň boýy bolsa, hem uzyn, hem gysga ölçegde çykarylýar.

Trend aksesuarlara hem täsir etdi. Gündizki we agşamky gezelençlere egne tunika, kelläňe çalma we şoňa meňzeş başgaplary geýip çykmak ýörgünli. Has owadan görünmek isleýänler eginlerine nepis ýeňil ýapynjalary hem atynyberýärler.

Şeýde-şeýde, Günbatar modasy ýuwaşlyk bilen öz ýüzüni Gündogara tarap öwürýär. Munuň netijesiniň nähili boljakdygyny bilmek üçin bolsa, moda dünýäsinden zol-zol habar alyp durmak gerek.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....