Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

  • 17.02.2026 20:15
  • 2.1k+

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär.
Barlaglaryň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan komponentler ekzema we beýleki dermatologik meseleleri bolan adamlarda deri ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler.
Hünärmenler dürli brendleriň 40 sany parfýumeriýa önümini barlagdan geçirendigini habar berdi. Olaryň üçüsinde allergenleriň 10 görnüşi ýüze çykaryldy.
Barlanan önümleriň arasynda iň gymmady Gucci brendiniň «The Alchemist's Garden Tears from the Moon Eau de Parfum» atyry boldy. Bu atyryň 100 ml çüýşesiniň bahasy 2850 Gonkong dollaryna (takmynan, $365) barabardyr.

Şeýle hem, Bvlgari Parfums tarapyndan öndürilen we her çüýşesi 2260 gonkong dollaryna satylýan «Allegra Passeggiata» atyrynda allergik täsir edip biljek 10 sany komponent tapyldy. Bu sanawa bahasy 997 gonkong dollaryna barabar bolan Acqua di Parma brendiniň «Colonia Eau de Cologne» atyry hem goşuldy.


Bellenilişi ýaly, allergenleriň barlygy bu önümleriň ähli sarp edijiler üçin hökman howpludygyny aňlatmaýar. Emma derisi duýgur we hroniki deri keselleri bolan adamlara önümi satyn almazdan ozal onuň düzümini ünsli öwrenmek maslahat berilýär.


24.01.2026 15:31
4.2k+

Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy

Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi...

düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....