Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy

  • 24.01.2026 15:31
  • 4.2k+

Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi.

Habarda: "Arina, Gucci-niň maşgalasyna hoş geldiňiz!", - diýlipdir.

27 ýaşly türgen modalar öýüniň täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy. Çap edilen suratlarda Sobolenkonyň adatdakysy ýaly sport eşiginde däl-de, Gucci-niň soňky çykaran eşik toplumyndan alnan balahon-halatda tennis oýnaýandygy görkezilýär. Ýaýylyp goýberilen saçy we brendiň şaý-sepleri onuň keşbiniň üstüni ýetirýär.
Gucci dünýädäki iň gymmat moda brendleriniň biri hasaplanýar. Ýeri gelende, moda öýi bilen şertnama baglaşan tennisçileriň arasynda dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň çempiony we dünýäniň ikinji raketkasy bolan italýan türgeni Ýannik Sinneriň hem bardygy belläp geçmeli.


17.02.2026 20:15
2.1k+

Gonkongda Gucci we Bvlgari atyrlarynda allergenler ýüze çykaryldy

Gonkongyň sarp edijileriň hukuklaryny goramak edarasy birnäçe gymmat bahaly atyrlarda, şol sanda Gucci we Bvlgari brendleriniň önümlerinde allergenleriň mukdarynyň ýokarydygyny anyklady diýip, SCMP neşiri habar berýär...

22.11.2024 15:00
4.2k+

Hublot Jokowiçiň ýeňişlerinden ruhlanan täze sagat kolleksiýasyny hödürledi

Şweýsariýanyň Hublot öndürijisi çäkli Big Bang Unico Novak Djokovic sagat modelini hödürledi. Aksessuary döretmek üçin ylham hökmünde Olimpiýa altyn medalynyň eýesi we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek ýeňijisi...

düýn 17:04
1.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....