Hublot Jokowiçiň ýeňişlerinden ruhlanan täze sagat kolleksiýasyny hödürledi

  • 22.11.2024 15:00
  • 4.2k+

Şweýsariýanyň Hublot öndürijisi çäkli Big Bang Unico Novak Djokovic sagat modelini hödürledi. Aksessuary döretmek üçin ylham hökmünde Olimpiýa altyn medalynyň eýesi we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek ýeňijisi Nowak Jokowiçiň oýun psihologiýasy göz öňünde tutuldy. Sagatlaryň tanyşdyrylyşy Parižde geçirildi we oňa kompaniýanyň baş müdiri Žýulýen Tornare bilen bilelikde tennisçiniň özi-de gatnaşdy.

Türgen 2021-nji ýylda Şweýsariýanyň lýuks sagatlary öndürijisiniň ilçisi boldy. Iň gowusy bolmaga ymtylmak we öz arzuwyna ýetmek üçin ähli güýjüni bermek bilen, ol kompaniýanyň özboluşly çemeleşmesini kesgitleýän iň möhüm gymmatlyklary durmuşa geçirýär.

“Oýnuň psihologiýasy örän uly ähmiýete eýe, haçan-da men oýnamda, her bir pursat takyk we oýlanylan bolmaly. Bu şol sanda meniň taýýarlyk döwründe we ýaryş günleri dakynýan zatlaryma-da degişlidir, sebäbi bu zatlar hem meniň bedenimiň, aňymyň bir bölegine öwrülýär” – diýip, Jokowiç belleýär.

Big Bang Unico Novak Djokovic sagadynyň materiallary üçin Jokowiçiň 2023-möwsüminde ulanan HEAD tennis raketkalary we Lacoste köýnekleri gaýtadan işlenildi. Olaryň  kwars tozy, aýna-kendir matasy we epoksid smolasy bilen utgaşmasy sagadyň korpusy we bezeli üçin material bolup hyzmat etdi. Alnan material ýiti we goýy gök reňkli mata bölekleri, şeýle-de gara uglerod bölejikleri bilen örtüldi.
Adaty ýakut aýnasynyň deregine, ýokary derejeli elektronikada ulanylýan we emeli ýakutdan iki esse ýeňil bolan Gorilla aýnasy ulanyldy.
Big Bang Unico Novak Djokovic modeli dört obrazy döretmek üçin dört kemer bilen hödürlenýär: Hublot-yň One Click ulgamynyň kömegi bilen goşara berkidilýän maýyşgak sport kemeri, gök alýumin sport ilgençegi bilen Velcro kemeri, ak kauçukdan kemer we Lacoste kemeri. 
Sagadyň agramy 49,5 gram bolup, ol tennis topundan hem ýeňildir. Sagat modeli 100 nusga bilen çäklenýär.


24.01.2026 15:31
4.2k+

Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy

Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi...

25.04.2026 15:42
3.2k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.3k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.7k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......