Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

  • 02.02.2026 15:28
  • 2.8k+

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär.
Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy.
Sotheby’s öýüniň maglumatlaryna görä, bu şaý-sep aktyor Ýul Brinneriň ýanýoldaşy we Dior Maison-yň ýolbaşçysy Doris Brinneriň kolleksiýasyna degişli bolupdyr. Tawus guşuna çalymdaş görnüşde ýasalan bu zergärlik önümi kaboşon usulynda taraşlanan zümerretlerden we ýakut daşlaryndan ybarat bolup, brilliantlar bilen bezelipdir. Kompozisiýanyň merkezi böleginde bolsa damja görnüşli zümerret asylgy dur.
Hepbýorn bu aksessuary özüniň ýakyn jorasy, 2025-nji ýylyň fewralynda aradan çykan Doris Brinnere sowgat beripdir.
Söwda From Doris With Love auksionynyň çäklerinde geçirildi. Guramaçylar esasy harytdan başga-da, 95 250 ýewro Jean Schlumberger ýyldyz-gülýakasyny we 50 800 ýewro aktrisa Elizabet Teýlor bilen baglanyşykly bolan bant şekilli Paul Gillot şaý-sepini satdy.


07.02.2026 00:28
2k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

28.01.2026 14:45
1.8k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.5k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...