«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

  • 28.01.2026 14:45
  • 1.8k+

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy. Moresko ssenariniň üstünde gyzy Amanda bilen bilelikde işleýär. Taslamanyň prodýuseri — ozal režissýor bilen «Lamborgini: Rowaýata öwrülen adam» («Ламборгини: Человек-легенда») we «Mazerati» filmlerinde hyzmatdaşlyk eden Andrea Ýerwolino bolar.
​Film Jorjo Armaniniň hünär ýoly barada — modadaky ilkinji ädimlerinden başlap, şu günki günde bahasy 10 milliard dollardan geçýän moda öýüniň döredilişine çenli gürrüň berer. Şeýle-de, surata düşüriljek eserde onuň XX we XXI asyrlaryň iň täsirli dizaýnerleriniň biri hökmünde tutýan orny görkeziler.
​Sýužetiň aýratyn bir bölegi Armaniniň kino industriýasy bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanar. Ol 1980-nji ýylda surata düşürilen «Amerikan žigolosy» («Американский жиголо») filminde Riçard Gir üçin kostýumlary döretdi, şeýle-de Keýt Blanşett, Juliýa Roberts we Leonardo Di Kaprio ýaly ýyldyzlar bilen işleşdi.
Biografik filmiň surata düşüriljek ýeri heniz kesgitlenmedi. Mowzugyň Italiýa bilen baglydygyna garamazdan, filmiň Wengriýada düşürilmegi ähtimal.

​«Men buýsançly italýan we dünýä meşhur italýan şahsyýetleriniň taryhlaryny gürrüň bermegi dowam ederin, emma, gynansak-da, häzirki wagtda olary daşary ýurtda surata düşürmäge mejbur bolýaryn» — diýip, prodýuser Andrea Ýerwolino belledi.


07.02.2026 00:28
2k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

02.02.2026 15:28
2.7k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

14.01.2026 17:41
5.5k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...