Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

  • 07.02.2026 00:28
  • 2k+

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola.  
Zendeýa şeýle gysgajyk mahabatlaryň birinde 1930-njy ýylda döredilen «Speedy» sumka modeli bilen çykyş edýär. «Men seniň bilen özümde tizlige tarap okdurylyşyma meňzeş nähilidir bir tanyş duýgyny başdan geçirýän. Belki-de, özüneçekijilik umumy herekete garylyp, hiç zada garaşman, diňe öňe tarap bilelikde ýüwrüp gitmekdedir» diýip, aktrisa wideoda köp zenanlaryň arzuwy bolan sumka hakda hyýal ýüwürdýär.

Zendeýa 2023-nji ýylda Louis Vuitton-yň ambassadory bolupdy.
LV kampaniýanyň ikinji bölegini 11-nji fewralda çykarar. Onda fransuz aktrisasy Katrin Denýow «Alma» sumkasy, hytaý-amerikan aktrisasy Lýu Ifeý «Noé» bedre-sumkasy, Günorta Koreýaly model we aktrisa Çon Ho-ýon bolsa «Neverfull» tout-sumkasy bilen çykyş ederler.
Brend 2026-njy ýylyň dowamynda monogrammanyň ýubileýine bagyşlanan uly göwrümli çäreleri, şol sanda mahabat kampaniýalaryny, pop-ap  we beýleki garaşylmadyk sowgatlary meýilleşdirýär.


04.03.2026 15:33
1.8k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

10.02.2026 12:47
7.1k+

Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär

Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi. Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr...

02.02.2026 15:28
2.8k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.8k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...