Bahasy €650 müň: Louis Vuitton «Rolls-Royce-den» hem gymmat furgon... şekilinde sagat hödürleýär

  • 10.02.2026 12:47
  • 7.2k+

Louis Vuitton brendi bahasynyň gymmatlygy boýunça «Rolls-Royce Spectre» bilen bäsleşýän awtoulag görnüşindäki sagady hödürledi.
Bu aksessuar Şweýsariýanyň L’Epée 1839 sagat kärhanasy bilen bilelikde döredildi. Awtoulag-sagat geçen asyryň 20-nji ýyllarynda LV-yň harytlaryny eltip bermek üçin ulanylan «Citroen B10» taryhy furgonynyň nusgasyna esaslanyp ýasalypdyr.
Örän inçelik hem nepislik bilen çemeleşilen awtomobil-sagat 1695 sany brilliant bilen bezelipdir. Aksessuaryň yzky çyralarynyň deregine ýakut daşlary goýlan. Sagadyň towlanýan açary bolsa gadymy starteriň dizaýnyny gaýtalaýar.
Bahasynyň 650 müň ýewrodygyna we bary-ýogy 15 sanysynyň öndürilendigine garamazdan, bu önüm ýönekeý bir aksessuar däl-de, eýsem, seýrek duş gelýän awtomobiller bilen bir hatarda şahsy kolleksiýalardan orun alyp biljek maýa goýum sungat eseri hökmünde görüljegine şübhe ýok.
Mundan başga, brend bu furgon-sagadyň alýumin bilen demirden ýasalan «arzan» görnüşini-de çykardy. Ony 68 müň ýewrodan satyn alyp bolýar.  


04.03.2026 15:33
1.9k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

07.02.2026 00:28
2.1k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......