Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

  • 30.09.2025 17:48
  • 3.1k+

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär.

Taslama Uill Smitiň baş keşbi janlandyrmagynda “Bagtyň yzynda çapyp” (“В погоне за счастьем”) we “Ýedi ömür” (“Семь жизней”) filmlerini surata düşüren Gabriel Muççino režissýorlyk eder. Filmiň edebi esasy Maurisio Guççi bilen Patrisiýa Rejaniniň gyzy Allegranyň ýatlamalaryna esaslanar.
Taslama käbir maşgala agzalarynyň arasynda jedel döreden “Guççileriň öýi” (“Дом Гуччи”) filmi çykanyndan dört ýyl soň döredilýär. Sky Studios-yň ýerine ýetiriji  direktory Nils Hartmanyň sözlerine görä, täze serial ““Guççileriň öýüne” Allegranyň gözleri bilen italýan garaýşyny hödürlär”.
Ridli Skottuň "Guççileriň öýi" filminde 1995-nji ýylda Maurisio Guççiniň öldürilmegi barada gürrüň berilýär: ol ofisiniň ýanynda atylyp öldürilýär, bu ölümi sargyt etmekde onuň aýaly Patrisiýa Rejani günäkärlenýär, ol 18 ýylyny türmede geçirýär. Filmde baş keşplerde Adam Draýwer, Ledi Gaga, Jared Leto, Al Paçino we Jeremi Aýrons dagy çykyş edýärler.


07.02.2026 00:28
2k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

02.02.2026 15:28
2.7k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.8k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.5k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...