«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

  • 16.04.2026 19:57
  • 6.9k+

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:

–Şundan bir ölçeg ulusy barmyka?..

Köp zenanlar üçin ýokarky ýagdaý diňe bir söwdalaşyk bolman, eýsem, modanyň, özüňe bolan ynamyň we saglygyň çaknyşýan kiçijik synagydyr. Sosial torlar ýyllar boýy gözellik ölçeglerine gabat gelmäge dyrjaşmak, dar aýakgaplardan ýaňa zaýalanan dyrnaklar we ahyrynda özüňi bolşuň ýaly kabul etmäge boýun bolmak hakyndaky «kyssalardan» doly. Olara berilýän teswirler hem şoňa meňzeş: ýa-ha göwünlik berilýändir, ýa-da özüniň ondanam beter görgi görendigi mysal getirilýändir. Meselem, teswirçileriň biri ömürboýy öz ölçeginden kiçi aýakgap geýip, aýagyna sütem edip gelen bolsa, beýleki biri häli-häzirlerem ýanýoldaşyndan aýak ölçeginiň uludygyny gizlemäge çalyşýar. Netijede, utanç duýgusy sagdyn pikirden has güýçli bolup çykýar.

Paradoks bolsa, ölçegleriň wagt geçdigiçe, öz-özünden üýtgäp barýandygynda. Soňky geçirilýän barlaglar ep-esli wagtdan bäri zenanlaryň aýagynyň ortaça ölçeginiň ulalandygyny görkezýär. Emma medeni düşünje (kod) öňküligine galýar. Kiçijik aýak henizem «näziklik», uly aýak bolsa kadadan çykma, hatda gödeklik hökmünde kabul edilýär.

Eýsem, bu garaýşyň köklerini nireden gözlemeli? Elbetde, taryhdan! Ol «Zoluşka» ýaly ertekilerde köwşüň «hakyky» gahrymany kesgitleýän ölçeg bolmagyndan başlap, Hytaýda aýaklary sargy bilen saramak tejribesine çenli baryp ýetýär. Hatda XIX asyryň Ýewropasynda hem kiçijik aýak ýokary derejäniň alamaty we ol, ilki bilen, zenanyň agyr gün görmändiginiň nyşany bolupdyr.

«Sosial psihologiýa nukdaýnazaryndan, islendik beden ölçegi gözellik meselesinden-de öňürti, «özüňkiň gadry ýok» diýen aýtgydan gellip çykýar. Kiçijik zenan aýagy taryhy taýdan artykmaç gatlaga degişliligiň alamaty bolupdyr. Mysal üçin, gadymy Hytaýda sargylanyp kiçeldilen aýak, hakyt ýöremäge ýaramajak derejede bolsa-da, asylzada aýaly daýhan aýaldan tapawutlandyrjak ýeke-täk aýratynlyk eken diýsek, öte geçmeris. Ýewropada bolsa kiçijik aýak agyr zähmet görmedik, gödek köwüş geýmedik, palçykda pyýada ýöremedik gyzyň keşbi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýagny, bu aslynda estetikadan has aňyrdaky, jemgyýetdäki derejä baryp direýär. Bu synpy-patriarhal yz bolsa medeniýetde uzak wagtlap saklanyp galdy» diýip, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty we RANHiGS-iň dosenti Kristina Iwanenko belleýär.

Ýöne lukmanlar bu ölçeglere laýyk geljek bolmagyň diňe bir psihologik yrgalyga däl, ondanam beter, dar aýakgabyň aýagyň gurluşyny üýtgedip, agyrylara we hatda käwagt operasiýany talap edýän Mortonyň newrinomasyna-da eltip bilýändigini aýdyp janykýarlar. Alternatiw hökmünde erkek aýakgaplary saýlamak hem meseläni çözmeýär. Gaýta olar zenan aýagynyň anatomiýasyny göz öňünde tutmaýandygy üçin agramyň paýlanyşyny bozýar.

Muňa ýene bir bökdençlik – haryt görnüşleriniň gytlygy. Ortaçadan uly aýagy bolan zenanlar, köplenç ýa oňaýly ýöne owadan görünmeýän, ýa-da owadan emma agyryly boljak köwşi saýlamaly bolýarlar.

Öndürijiler gelip-gelip, ösýän islege indi üns berip başladylar. Şeýlelikde olar haryt hatarlaryny giňeldýärler we dizaýna bolan garaýyşlaryny täzeden seljerýärler. Jemgyýetçilik garaýşy hem kem-kemden üýtgeýär. Sosial torlar, satandart däl modeller we täze brendler beden ölçegine bolan başgaça garaýşy döredýärler. Ýöne şo-ol köne düşünje welin, heniz hem «diri» we ol ýüz görülýän aýnalarda hem käbir adamlaryň kellesinde «ýaşamagyny» dowam edýär.

Şol sebäpli-de, biz şu getirilen mysallardan netije çykaryp, günüň esasy soragyny: «Aýagy nädip kiçeltmeli?» däl-de, «Onuň nämä geregi bar?» diýen sowala çalyşmalydyrys.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....