«Indi beýle geýinme»: şu ýylky modanyň esasy antitrendleri

  • 29.01.2026 06:27
  • 5.1k+

Moda yzygiderli üýtgeýär. Şu günki döwrebap hasaplan lybaslaryň ertir eýýäm antitrend hasaplanyp bilner. Şundan ugur alyp, Peopletalk neşiriniň bilermenleri  2026-njy ýylda modadan galjak birnäçe stillerdir biçüwler barada ýörite seljerme taýýarladylar.
Owersaýz. Uzyn we giň hudi, halta ýaly balaklar we hopul-sopul penjekler geçmişde galdy. Olaryň ýerini bili gysby biçüwler, dar jinsi balaklar, «Hedi Boys» estetikasyndan ugur alýan gyzlaryň hem oglanlaryň öz ölçegindäki žaketler we kurtkalar eýeleýär.

Sumkadaky «akyr-ukur». Soňky ýyllarda sumkalara dürli oýunjaklary, açarbaglary we asma bezegleri dakyp gezmek ýoň bolupdy, indi bu zatlar artykmaç hasaplanylýar. Bu ýyl sumka, diňe sumkalygyna galmaly.
«Clean Girl» estetikasy. Tekiz daralan saç we sypaýy makiýaž öz meşhurlygyny ýitirýär. Olaryň ýerini, bilermenleriň aýtmagyna görä, has erkin stil – goýberilen saçlar we parhsyzrak bezelen keşpler tutar.

«Nokat» nagyşlar. Geçen ýylyň meşhur nagşy bolan nokatly printler indi ähmiýetini ýitirdi. 2026-njy ýylda muňa derek öýjükli, zolakly ýa-da başgarak görnüşli nagyşlary saýlamak maslahat berilýär.
Sosial torlaryň mikrotrendleri. TikTok torunda işjeň ýaýradylýan boýuňyza, doglan ýylyňyza ýa-da beýleki ölçegleriňize görä lybas saýlamak hem antitrendlere degişli edildi. Bilermenler başgalaryň keşbini göçürmän, öz şahsy stiliňizi döretmegi maslahat berýärler.

2026-njy ýylyň modasynyň esasy ýörelgesi —çykan her trendiň yzyndan ylgamak däl-de, eýsem şahsy stiliňe we özboluşlylygyňa has uly üns bermekdir.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....