Levi’s brendi amerikan mekdep okuwçylaryna egin-eşikleri tikmegi we ýamamagy öwreder

  • 27.01.2026 21:48
  • 1.7k+

Levi Strauss & Co. kompaniýasy ýaşlara egin-eşikleri abatlamagyň esaslaryny öwretmäge gönükdirilen «Levi’s Wear Longer» atly bilim taslamasyny işläp taýýarlady. Bu maksatnama ABŞ-nyň mekdepleriniň 9–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir.
Taslamanyň okuw gollanmalary mugt bolup, olar «Discovery Education» platformasynyň üsti bilen ulanylyp bilner. Mekdep okuwçylary eşikleriň iliklerini dakmakdan başlap, olary öz ölçegiňe görä sazlamaga çenli bolan başlangyç işleri öwrenerler. Bu taslama ýaşlara egin-eşikleri has uzak wagtlap ulanmaga, zyňylýan zatlaryň mukdaryny azaltmaga we sarp edişe has jogapkärli çemeleşmäge kömek eder.
Şeýle-de, bu taslama öňler maşgalada öwredilýän ýa-da zähmet sapaklarynda geçilýän, emma wagtyň geçmegi bilen seýreklän amaly endikleri täzeden bilim gurşawyna gaýtarýar.
Brendiň sargydy bilen geçirilen barlaglara görä, Z nesliniň (1997-2012 ýyllar aralygynda doglanlar) 41 %-i egin-eşikleri tikmek ýa-da ýamamak ukybyna eýe däl.
Mekdeplerde geçiriljek amaly tejribe sapaklaryny Levi Strauss & Co. kompaniýasynyň hünärmenleri alyp bararlar. Taslama San-Fransisko şäherinde ýerli okuwçylar üçin geçiriljek ilkinji sapak bilen başlanar we soňra ony ABŞ-nyň beýleki sebitlerine hem ýaýratmak meýilleşdirilýär.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....