Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy

  • 15.03.2026 23:03
  • 4.7k+

Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär.

Bu hyzmatdaşlyk brendiň «Behind Every Original» atly kampaniýasynyň dowamy bolup durýar. Şu ýylyň dowamynda Levi’s Roze bilen bilelikde, onuň şahsy stilinden ylham alnyp döredilen täze toplumy satuwa çykarar. Bu bolsa muşdaklara meşhur aýdymçynyň estetikasyny Levi’s-iň önümleri arkaly gaýtalamaga mümkinçilik berer.

Mundan ozal, Blackpink toparynyň Tokioda geçiren konsertinde hem Roze Levi’s tarapyndan ýörite elde taýýarlanylan lybaslarda çykyş edipdi. Şol lybaslar häzirki wagtda brendiň Tokionyň Haradzýuku etrabyndaky dükanynda sergi hökmünde goýuldy.


05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....