2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

  • 06.02.2026 19:41
  • 3.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi.
Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi.  Şeýle-de italýan stilindäki Olimpiadanyň döredijilige baý taraplaryny açyp görkezip, dünýä möçberli sport çäresinden nämelere garaşmalydygyny duýdurdy.  Iň gyzykly ýeri-de, podiumda milli olimpiada komitetleriniň eşikleri, şol sanda sport lybaslary we açylyş dabarasy üçin niýetlenen dabara kostýumlary hut olimpiadaçylaryň özleri tarapyndan görkezildi.

«Sport we stil Olimpiýa oýunlarynda köp wagtdan bäri biri-biri bilen utgaşyp gelýär. Onda öňdebaryjy tehnologiýa enjamlary her  toparyň özüne mahsus estetikasy hem-de taryha girjek moda pursatlary bilen birlikde figuralaýyn typmak üçin ýörite kostýumlardan başlap, açylyş dabaralarynyň kaşaň lybaslaryna çenli birleşýär» diýlip, habarda bellenilýär.

Jemläp aýdylanda, «Fashion Showcase» 90 ýurtdan gelen 2 900 türgeniň Olimpiada ýeňşiniň arzuwynda ýüzýän mahaly, olara sport meýdançasynda we ondan daşarda haýsy innowasiýalaryň we stilleriň gelişjekdigini görkezdi.
Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy şu gije sagat 23:50-de başlaýar.


düýn 17:04
1.8k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....