Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar

  • 22.03.2026 15:29
  • 2k+

Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir.

Guramaçylaryň pikiriçe, şol döwrüň stili hatda şu günki medeniýete hem öz täsirini ýetirýär. Sergide köpçülige 70-den gowrak lybas nusgalary, aksessuarlar, matalar we fotosuratlar hödürlenýär.

Serginiň iň arzyly gymmatlyklarynyň biri — Mariýa-Antuanettanyň hakyt özüne degişli korsetdir. Bu eksponatyň materialynyň ynjyk we zeper degmäge golaýdygy üçin, ony köpçülige gaty seýrek görkezýärler.

Gatnaşyjylar taryhy lybaslary «Chanel», «Christian Dior», «Louis Vuitton» we «Vivienne Westwood» ýaly meşhur moda öýleriniň döwrebap eşikleri bilen deňeşdirmäge-de mümkinçilik tapdylar.

Modanyň geçmişinden hem şu gününden gürrüň berýän bu sergi 12-nji iýula çenli dowam eder. Giriş petekleriniň bahasy 14 ýewrodan başlanýar.


01.06.2026 17:04
2.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.7k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....