Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek

  • 02.02.2026 03:32
  • 2.4k+

Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler. Şol sebäpli ýakyn günlerde Olimpiýa oýunlary bilen birlikde, Milan planetanyň iň uly moda podiumyna öwrüler diýip arkaýyn aýtsa bolar.
Olimpiýa oýunlarynyň 6-njy fewralda geçiriljek açylyş dabarasy onlarça ýyllap dünýä modasynyň ugruny kesgitläp gelýän şäherde bolar we ol Jorjio Armaniniň ýagty ýadygärligine bagyşlanar. Şunlukda guramaçylar bu ýylky gyşky oýunlaryň taryha iň nepis we kaşaň oýunlar hökmünde girjekdigini wada berýärler.
Italiýanyň ýygyndy topary stadiona Armaniniň iň soňky döreden ajaýyp lybaslarynyň birinde çykar.

Moncler brendi Braziliýanyň ýygyndysy üçin ýörite sport lybaslaryny işläp düzdi.

Li-Ning Hytaý bilen tas ýigrimi ýyllyk arakesmeden soň hyzmatdaşlygy täzeledi.
Ralph Lauren bassyr onunjy gezek ABŞ-nyň ýygyndysyny öz lybaslaryna besleýär.  Brendiň dabaraly lybaslaryny islendik adam satyn alyp bilýär, olardan gelýän girdeji bolsa türgenleri goldamak üçin harçlanylýar.

Kanada bu gezek lybaslary  üýtgetmäge isleg bildirdi. Şoňa görä, gyzyl klýon ýapragy şekillendirilen sargy palto şarfa ýa-da guşaga öwrüler.

Fransiýa öz garderobyny olimpiýa obasyndan başlap, tä podiuma çenli üç görnüşe böldi.

Beýik Britaniýa dabara lybaslaryny «Ben Sherman» brendine, sport çykyşlaryndakylaryny bolsa «adidas»-a ynandy.

 


06.02.2026 19:41
3.5k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

24.06.2025 12:03
2.4k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...

31.07.2024 07:57
7.5k+

Selin Dionyň Olimpiada üçin köýnegine 1000 sagatdan gowrak wagt sarp edildi

Aýdymçy Selin Dionyň Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy garaşylmadyk sowgat boldy, ol ýarawsyzlygy sebäpli köp wagtdan soň ilkinji gezek sahna çykdy. Bu waka üçin DIOR moda öýi ýörite ýylpyldaýan...

20.07.2024 08:29
3.7k+

Riannanyň Fenty Beauty brendi Pariždäki Olimpiadanyň premium hyzmatdaşy boldy

Meşhur aýdymçy Rianna Fenty Beauty brendiniň Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň premium hyzmatdaşy bolandygyny habar berdi. “Buýsanç bilen Fenty Beauty-nyň Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň premium...