LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

  • 24.06.2025 12:03
  • 2.4k+

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär.

2024-nji ýyldan bäri Parižde hereket edýän, Oýunlar döwründe brendli mahabatyň gadagan edilendigine garamazdan, holding mahabatlandyrmagyň alternatiw usullaryny tapdy: Chaumet öýi Olimpiýa medallaryny dizaýn etdi, Lui Vuitton olary saklamak üçin keýs, Berluti alaw göterijiler üçin eşik döretdi, Dior  bolsa çeper çykyşlaryň goýluşyna we kampaniýanyň beýleki elementlerine jogapkärçiligi öz üstüne aldy.
Luxury and Lifestyle - Cannes Lions baýraklarynyň 30 kategoriýasynyň biridir. Bu festiwal mahabat we döredijilik aragatnaşygy pudagyndaky iň iri halkara çäreleriň biri hasaplanýar.
Kategoriýanyň emin agzalaryna LVMH-iň global brend menejeri Matilde Delum-Debre ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de, iş toparynyň düzümine günorta afrikaly dizaýner Tebe Magugu, braziliýaly Naýa Wioleta, şeýle hem Elle UK-iň baş redaktory Keniýa Hant girdi.


25.02.2026 08:47
2k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

13.02.2026 16:17
2.3k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

06.02.2026 19:41
3.5k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

02.02.2026 03:32
2.3k+

Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek

Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler...