Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy.
Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy.
Fransuz moda öýüniň durnuklylygynyň aňrysynda esasan onuň dikleýin integrasiýa arkaly önümçilige doly gözegçilik edýändigi durýar diýip, WWD neşiri ýazýar.
Esasy ösüş hereketlendirijisi hökmünde deri önümleri — Birkin, Kelly we Constance ýantorbalary (+14,6%), şeýle-de ýuwelir önümleri we öý üçin niýetlenen toplumlar (+12,9%) çykyş edýär.

Brendiň iň gowşak ugry bolsa parfýumeriýa we kosmetika boldy. Bu bölumlerdäki satuwlar öňküsinden 14,6% peseldi.
Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar
- şu gün 16:17
- 357