LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

  • 17.01.2026 15:54
  • 3.7k+

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär.

Dabaranyň dowamynda Bernard Arno "Chaumet" zergärçilik öýi tarapyndan ýörite taýýarlanylan hormatly gylyç gowşuryldy. Sylagy Fransiýanyň öňki maliýe ministri Bruno Le Mer gowşurdy. Ol öz çykyşynda Bernard Arnonyň moda senagatynyň ösüşine goşan ägirt uly goşandyny belläp, onuň alyp barýan işiniň Fransiýanyň milli abraýy we dünýä taryhy üçin ähmiýetini aýratyn nygtady.
Dabara moda we medeniýet dünýäsiniň iň täsirli wekillerini bir ýere jemledi. Myhmanlaryň arasynda Arnonyň maşgala agzalary, Fransiýanyň birinji hanymy Brijit Makron, Parižiň şäher häkimi Ann Idalgo, meşhur dizaýnerler we sungat ussatlary Farrell Uilliams, Mariýa Grasiýa Kýuri we Jonatan Anderson bardy.


25.02.2026 08:47
1.9k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

13.02.2026 16:17
2.3k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

07.09.2025 15:56
4.4k+

Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy

Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar...

18.08.2025 19:29
6.3k+

Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi

Louis Vuitton 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň mahabat kampaniýasyny görkezdi. Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem onuň ýüzi boldy diýip, Hypebeast habar berýär. Toplumda agras nusgawy şekiller - penjekler, balaklar we köýnekler - žakkard bomberler, trikotaž we minimalistik aýakgap ýaly häzirki zaman elementleri bilen sazlaşýar...