Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy

  • şu gün 15:56
  • 1.5k+

Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar.

Baýragy oňa Bolliwudyň ýyldyzy, aktrisa we model Dipika Padukon gowşurdy.
Osuki, dabarada düşündirişine görä, "ýapon däp-dessurlaryny häzirki zaman ussatlygy bilen birleşdirmek" üçin 2015-nji ýylda öz brendini esaslandyrdy.
Karl Lagerfeld adyndaky ýörite eminler baýragy kagyz ýüzüne syýa bilen çeken eskizleri arkaly meşhur bolan we olary söwütli, grafiki we romantik köýneklerde durmuşa geçirýän iňlis dizaýneri Stiw O. Smite gowşuryldy.

Üçünji baýrak - Savoir-Faire baýragy - başga bir iňlis dizaýneri Torişeju Dumä gowşuryldy. Onuň hödürlän toplumy dinamiki nepisligi bilen tapawutlanýan, aýallar we erkekler üçin niýetlenen toplumlardyr. Bu baýrak tehniki innowasiýalarda iň ýokary derejäni nygtamak üçin döredildi.
Dizaýnerleriň her biri 200 müň ýewro alar we bir ýyl LVMH-niň bilermenleriniň gözegçiligi astynda bolar.
Bäsleşigiň finalçylaryny we ýeňijilerini kesgitlän eminleriň düzümine şu aşakdaky meşhur moda dizaýnerleri girdi: Sara Býorton, Jonatan Anderson, Nikolýa Žeskýer, Mark Jeýkob, Stella Makkartni, Nigo, Fibi Faýlo, Silwiýa Wenturini Fendi we Farrell Uillýams. Ses berişlige LVMH-iň wekilleri Delfina Arno, Sidni Toledano we Žan-Pol Klaweri hem gatnaşdy.
Dünýäniň dürli künjeginden bolan ýaş dizaýnerler üçin niýetlenen abraýly LVMH Prize LVMH konglomeratynyň eýesi Bernar Arnonyň gyzy Delfina Arno tarapyndan 2013-nji ýylda esaslandyryldy.



18.08.2025 19:29
5.9k+

Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi

Louis Vuitton 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň mahabat kampaniýasyny görkezdi. Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem onuň ýüzi boldy diýip, Hypebeast habar berýär. Toplumda agras nusgawy şekiller - penjekler, balaklar we köýnekler - žakkard bomberler, trikotaž we minimalistik aýakgap ýaly häzirki zaman elementleri bilen sazlaşýar...

04.07.2025 18:53
5.2k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...

02.07.2025 11:27
7.4k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

24.06.2025 12:03
2.3k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...