El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

  • şu gün 08:47
  • 432

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy.

Finalçylaryň işleriniň sergisi 2026-njy ýylyň 13-nji maýyndan 14-nji iýunyna çenli Singapuryň Milli galereýasynda geçiriler. Ýeňijiniň we iki sany ýörite baýraga mynasyp bolanlaryň atlary 12-nji maýda mälim ediler. Saýlamalaryň sanawyna Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Daniýa, Awstraliýa, Ispaniýa, Beýik Britaniýa, Nigeriýa, Hytaý, Zimbabwe, ABŞ we beýleki ýurtlaryň senetkärleri girdi.


Bu baýrak 2016-njy ýylda Loewe Gaznasy tarapyndan döredilip, ol keramika, dokma, agaç, metal, aýna we zergärçilik ýaly ugurlarda çeperçilik hem-de tehniki ussatlygy goldamaga niýetlenendir.
Baş baýrak 50 000 ýewro barabar. Ýörite ugurlar boýunça saýlananlaryň her birine 5 000 ýewro pul baýragy gowşurylar.
Baýragyň eminler düzümine gaznanyň prezidenti Şeýla Loewe, dizaýnerler Jek Makkollou we Lazaro Ernandes, 2025-nji ýylyň ýeňijisi Kunimasa Aoki hem-de pudagyň beýleki hünärmenleri girdi.
1846-njy ýylda esaslandyrylan Loewe brendi LVMH holdingine degişlidir. 2024-nji maliýe ýylynyň netijelerine görä, Loewe SA kompaniýasynyň girdejisi 885,2 mln ýewro deň boldy.


13.02.2026 16:17
2.2k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

07.09.2025 15:56
4.4k+

Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy

Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar...

18.08.2025 19:29
6.3k+

Jud Bellingem Louis Vuitton-yň täze ýaz/tomus toplumyny hödürledi

Louis Vuitton 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň mahabat kampaniýasyny görkezdi. Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem onuň ýüzi boldy diýip, Hypebeast habar berýär. Toplumda agras nusgawy şekiller - penjekler, balaklar we köýnekler - žakkard bomberler, trikotaž we minimalistik aýakgap ýaly häzirki zaman elementleri bilen sazlaşýar...