Selin Dionyň Olimpiada üçin köýnegine 1000 sagatdan gowrak wagt sarp edildi

  • 31.07.2024 07:57
  • 7.5k+

Aýdymçy Selin Dionyň Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy garaşylmadyk sowgat boldy, ol ýarawsyzlygy sebäpli köp wagtdan soň ilkinji gezek sahna çykdy. Bu waka üçin DIOR moda öýi ýörite ýylpyldaýan ýyldyz tozgasynyň effektini döredýän biser, aýna monjuk we monjuk däneleri bilen bezelen ýüpekden köýnek taýýarlady. Onuň esasy bezegi bolsa 500 metr seçekden ybarat şleýf boldy.

Bu obrazda Dion Eýfel diňinde Edit Piafyň “Söýgi senasy” aýdymyny ýerine ýetirdi. Modelýerler köýnegi döretmek üçin 1000 sagatdan gowrak wagt we uly zähmet sarp etdiler. Çünki, köýnek doly elde bezeldi.
Selin muşdaklara goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýakyn wagtda ýene sahna çykmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Dion Olimpiadanyň açylyş dabarasynda ikinji gezek çykyş etdi. Öň, ol Atlantada 1996-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda “The Power of the Dream” aýdymyny ýerine ýetirdi.


06.02.2026 19:41
3.3k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

02.02.2026 03:32
2.3k+

Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek

Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

24.06.2025 12:03
2.4k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...