Riannanyň Fenty Beauty brendi Pariždäki Olimpiadanyň premium hyzmatdaşy boldy

  • 20.07.2024 08:29
  • 3.7k+

Meşhur aýdymçy Rianna Fenty Beauty brendiniň Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň premium hyzmatdaşy bolandygyny habar berdi.

“Buýsanç bilen Fenty Beauty-nyň Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň premium hyzmatdaşy bolandygyny habar berýärin” – diýip, Rianna sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.

Fenty Beauty - Rianna tarapyndan 2017-nji ýylda çykarylan amerikan kosmetika brendi. Bu brend deri üçin reňkleriň giň toplumyny hödürleýänligi bilen meşhurdyr. Fenty Beauty kompaniýasy Time žurnaly tarapyndan 2017-nji ýylyň iň gowy oýlap tapyşlarynyň biri diýlip ykrar edildi.


06.02.2026 19:41
3.3k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

02.02.2026 03:32
2.3k+

Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek

Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler...

24.06.2025 12:03
2.4k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...

31.07.2024 07:57
7.5k+

Selin Dionyň Olimpiada üçin köýnegine 1000 sagatdan gowrak wagt sarp edildi

Aýdymçy Selin Dionyň Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy garaşylmadyk sowgat boldy, ol ýarawsyzlygy sebäpli köp wagtdan soň ilkinji gezek sahna çykdy. Bu waka üçin DIOR moda öýi ýörite ýylpyldaýan...