Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

  • 23.03.2026 21:50
  • 3.4k+

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy.

Kolleksiýanyň özeni Burberry markasynyň meşhur gözenek nagyşly eşiklerinden ybarat boldy. Bu nagyş merhum şa zenanynyň hem iň gowy görýän nagyşlarynyň biridi. Nagyş onuň paltolarynyň ýüpek içliklerinde we kaşemir şarflarynda kän gabat gelýärdi.

Kolleksiýanyň iň esasy önümleriniň biri, elde Balmoral galasynyň suraty nagyşlanan ýüpek ýaglykdyr. Şotlandiýadaky bu gala Britaniýanyň şa maşgalasynyň iň gowy görýän rezidensiýasy hasaplanýar.

Täze kolleksiýada korgi tohumly itiň şekilindäki döş bezegi hem peýda boldy. Emaldan ýasalan bu kiçijik şekil dür däneleri bilen bezelipdir we oňa gözenek nagyşly palto geýdirilipdir. Korgi tohumy Ýelizaweta II-niň iň gowy görýän iti bolup, ol ömrüniň dowamynda şeýle itleriň 30-dan gowragyny saklapdyr.

Dizaýnerler bu mowzugyň saýlanyp alynmagyny şa zenanynyň 100 ýyllygy bilen birlikde onuň taryha, moda we dünýä medeniýetine ýetiren täsiri bilen düşündirdiler. Ýelizaweta II-niň arhiw suratlaryndaky keşbi häzirki wagtda hem meşhur adamlara we sungat muşdaklaryna ylham berýär.

Ýurdy 70 ýyllap dolandyran Ýelizaweta II 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda 96 ýaşynda Şotlandiýadaky Balmoral galasynda aradan çykdy. Şa zenany aradan çykanyndan soň tagt onuň uly ogly — şazada Çarlza geçdi.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....