Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy

  • 12.02.2026 20:56
  • 14k+

Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi.
Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi. Ýanynda doly görnüşli milli lybasy bolmadyk model gyz atasynyň donuny geýip,  enesiniň ýaglygyny daňynmagy makul bildi. Onuň aýtmagyna görä, eşik oňa mähribanlaryndan ýadygär galypdyr.

«Şu usul arkaly men öz ýurdumyň milli medeniýetini we öz şahsy taryhymy meniň üçin hakykatdan hem ähmiýetli bolan zatlaryň üsti bilen görkezmek isledim» diýip, Isaýewa köp kişiniň ünsüni çeken hereketiniň maksadyny TikTok-daky teswirinde düşündirýär.

Görkezilişleriň birinde fotohabarçy Ýang Çul Kim modeli surata düşürdi. Netijede, Şadiýa Isaýewanyň gatnaşmagyndaky suratlar Seul moda hepdeliginiň iň gowy keşpleriniň sanawyna girip, «Vogue» žurnalynda çap edildi. 


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....