Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer.



AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler. Krossowka esasan, sary reňkli, howa geçiriji süzgüç matadan taýýarlanyldy. Brendiň üç zolagy Ýamaýkanyň baýdagyny ýatladýan gyzyl, gara we ýaşyl reňklerde bezeldi. Aýakgabyň «dilinde» bolsa Marliniň portreti, onuň goly we «Futbol — bu erkinlikdir» («Football is Freedom») diýen jümlesi ýerleşdirilen.


Handball Spezial modeliniň esasy gara reňkli mahmal matadan bolup, onda ýaşyl, sary we gyzyl reňkli deri zolaklar, şeýle-de arka tarapynda Ýamaýkanyň Futbol federasiýasynyň logotipi bar. Gyzyl reňkli peteginde Marliniň suraty, goly we ýokarda agzalan meşhur jümlesi bar.


SL72 modeli winil plastinkalaryny we ses tolkunlaryny ýatladýan nagyşlar bilen bezelen. Krossowkanyň zolagy we gapdal bölegi sary deriden, galan bölekleri bolsa gara mahmal matadan we deriden taýýarlanyldy.
AdiZero Evo SL modeli 6-njy fewralda Adidas-yň ähli resmi dükanlarynda $250 bahasyndan satuwa çykar. Handball Spezial 13-nji fewralda brendiň saýtynda we käbir riteýlerlerde $120 bahasyndan peýda bolar. SL72 hem 13-nji fewralda $130 bahasyndan satuwa hödürlener.
Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar
- şu gün 12:19
- 351