«Adidas» brendi «Minecraft» oýnundan ylhamlanyp çagalar kolleksiýasyny çykardy

  • 31.12.2025 08:05
  • 3k+

«Adidas» brendi «Minecraft» oýny bilen hyzmatdaşlykda döredilen «Holiday 2025» baýramçylyk kolleksiýasyny hödürledi. Täze önümler toplumy çagalara we ýetginjeklere niýetlenen: ähli aýakgaplar, egin-eşikler, sumkalar we aksessuarlar diňe degişli ölçeglerde öndürilýär.

Kolleksiýada brendiň «Samba» krossowkalaryndan başlap, «Adilette» şypbyklaryna (slansylaryna) çenli nusgawy modelleri täzeçe dizaýnda işlenildi. Bezegler oýnuň özboluşly stilinde ýerine ýetirildi: piksel şekilleri, otlaryň, tokaýlaryň, kriperleriň, beýleki gahrymanlaryň we oýun meýdançalarynyň suratlary bar.
Toplum diňe aýakgaplar bilen çäklenmän, eýsem, ýörite nyşanly rýukzaklary, sport kostýumlaryny, kepkalary, birnäçe jübüt joraby we futbolkalary hem öz içine alýar. Dizaýnyň aýry-aýry bölekleri oýnuň meşhur nyşanlaryna — «Enderiň gözi» we «Ender aždarhasy» ýaly jandarlaryna salgylanýar.
Harytlaryň bahasy kategoriýasyna görä üýtgeýär. Sport futbolkalarynyň bahasy 20 dollardan başlaýar, krossowkalaryň bahasy bolsa 95 dollara çenli ýetýär.


01.02.2026 12:19
2k+

Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar

Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler...

07.10.2025 16:20
5.5k+

Adidas itler we pişikler üçin eşikleriň güýz toplumyny çykardy

Adidas öý haýwanlary üçin eşikleriň täze güýz toplumyny çykardy. Toplumda wetrowkalar, ýyly žiletler we brendiň firma dizaýny goýlan sport kostýumlary bar diýip, HypeBeast habar berýär. Kompaniýa şu ýylyň maý aýynda öý haýwanlary üçin niýetlenen eşikleriniň  ilkinji hataryny çykardy we häzirki wagtda görnüşlerini giňeldýär...

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....