Adidas itler we pişikler üçin eşikleriň güýz toplumyny çykardy

  • 07.10.2025 16:20
  • 5.6k+

Adidas öý haýwanlary üçin eşikleriň täze güýz toplumyny çykardy. Toplumda wetrowkalar, ýyly žiletler we brendiň firma dizaýny goýlan sport kostýumlary bar diýip, HypeBeast habar berýär.

Kompaniýa şu ýylyň maý aýynda öý haýwanlary üçin niýetlenen eşikleriniň  ilkinji hataryny çykardy we häzirki wagtda görnüşlerini giňeldýär. Adidas it we pişik eşiklerine islegiň artýandygyny belleýär.
HypeBeast-iň döredijileriniň sözlerine görä, täze toplum öý haýwanlaryny hakyky modaçylara öwürmek üçin döredildi. Ähli modeller markanyň iň tanalýan ugry bolan adidas Originals äheňinde bezelendir.
Wetrowkalar suw geçirmeýär, ýelekler ýylyň sowuk pasly üçin niýetlenendir, sport kostýumlary bolsa rahatlygy adidas-yň stili bilen sazlaşdyrýar.
Adidas Originals Pet kolleksiýasyny indi Hytaýda-da satyn alnyp bolýar. Beýleki bazarlara çykmak meýilnamasy barada entek hiç zat habar berilmedi.


01.02.2026 12:19
2k+

Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar

Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler...

31.12.2025 08:05
3.1k+

«Adidas» brendi «Minecraft» oýnundan ylhamlanyp çagalar kolleksiýasyny çykardy

«Adidas» brendi «Minecraft» oýny bilen hyzmatdaşlykda döredilen «Holiday 2025» baýramçylyk kolleksiýasyny hödürledi. Täze önümler toplumy çagalara we ýetginjeklere niýetlenen: ähli aýakgaplar, egin-eşikler, sumkalar we aksessuarlar diňe degişli ölçeglerde öndürilýär...

şu gün 00:06
998

Hermès Parižde erkeklere niýetlenen 2027-nji ýylyň ýaz-tomus toplumyny görkezdi

Hermès Parižde 2027-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin erkeklere niýetlenen toplumyny görkezdi. Bu toplum Weronik Nişanýanyň kompaniýadan gidenden soňky ilkinji we brendiň döredijilik ýolbaşçysyz topary......

26.06.2026 23:49
2.5k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....