Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

  • düýn 23:49
  • 698

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy.

Model modalar öýüniň erkekler bölüminiň döredijilik direktory Farrell Wilýams hem-de welosiped öndüriji Pinarello bilen bilelikde işlenip düzüldi. Onuň esasy hökmünde «Pinarello DOGMA F» ýol welosipedi alyndy.

Welosiped hromlanan elementleri, şeýle hem seýrek reňkler bilen tapawutlanýar.

Ol «Shimano Dura-Ace Di2 R9200» transmissiýasy, «Princeton CarbonWorks Mach 7580 TSV2» karbon tigirleri we «CeramicSpeed OSPW» ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Modeliň agramy 7,3 kg-a barabardyr.

Bu welosiped Louis Vuitton-yň «adatdan daşary döredilen önümler» toplumyna goşular we diňe modalar öýüniň üsti bilen satylar. Onuň bahasy häzirlikçe belli däl.

Louis Vuitton bilen Pinarello-nyň bu hyzmatdaşlygy kompaniýalaryň ilkinji bilelikdäki işi däl. 2016–2023-nji ýyllar aralygynda welosiped öndüriji LVMH toparyna degişli bolupdy we täze önüm hem bu hyzmatdaşlygyň dowamy boldy.


05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....