Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

  • 04.04.2026 14:12
  • 9.3k+

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir.

Munuň sebäbi XIX asyrda jemgyýet gatlaklara berk bölünipdir. Jinsi eşikler şol döwürlerde magdançylar we gurluşykçylar ýaly agyr şertlerde işleýän adamlara niýetlenip tikilipdir. Strauss bolsa köpçülikde abraýly işewür kişi hökmünde tanalypdyr.

Işewür we mülkdar hökmünde jemgyýetdäki ornuňa laýyk geýinmeli diýlen düşünjä eýeren Strauss egin-eşik hökmünde klassyk biçüwli kostýumlary, ak köýnekleri we galstuklary saýlapdyr. Munuň üstesine ol örän konserwatiw adam bolupdyr we kabul edilen kadalara gyşarnyksyz eýeripdir. Hatda wagt geçip, jinsi satuwyndan uly girdeji gazansa-da, ol özüniň şahsy stilini hiç wagt üýtgetmändir.

1847-nji ýylda Straussyň maşgalasy ABŞ-a göçüp gelýär we mata söwdasyna başlaýar. 1873-nji ýylda bolsa tikinçi Jeýkob Dewis bilen bilelikde jinsi eşikleriň jübi ýerlerini demir berkitmeler bilen berkitmek üçin patent alýarlar. 1902-nji ýylda Lewi Strauss aradan çykýar. Gynansak-da ol jinsiniň moda öwrülen wagtyny görüp ýetişmeýär.

1950-nji ýyllarda jinsi eşikleri eýýäm işçi geýimi bolmakdan çykyp, azatlygyň we deňligiň simwolyna öwrülýär hem-de ählumumy meşhurlyk gazanýar.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....