Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy

  • 07.03.2026 19:41
  • 6.8k+

Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar.

Telefonlaryň bezeginde 24 karatlyk altyn, gara titan we karbon ýaly örän gymmat bahaly materiallar ulanyldy.

Kolleksiýadaky ýolbarsly, möjekli we laçynly üç model biri-birine meňzeş dizaýnda taýýarlandy, emma atly wersiýa özüniň üýtgeşik reňkleri we yzky paneliniň bezegi bilen tapawutlanýar. Bu model Aý täze ýylyna hem-de güýçli energiýany, durmuşyň joşgunyny we hyjuwy aňladýan at simwolyna bagyşlanyp döredildi. Caviar-yň bellemegine görä, "Fire Horse" (Alawly at) modeli 24 karatlyk altyndan ýasalan barelýefe eýe bolup, onuň daşy gyzyl emal bilen bezelen ýalynlar bilen gurşalýar. Bu dizaýn smartfonda hakyky alawyň täsirini döredýär.

Bahasy 11 490 dollar bolan "Fire Horse" modeli kolleksiýanyň iň gymmat bahaly nusgasydyr. Beýleki modelleriň bahalary bolsa 10 490 dollar bilen 11 060 dollar aralygynda üýtgeýär. Belläp geçsek, bu eksklýuziw smartfonlaryň her biri örän çäkli mukdarda — bary-ýogy 19 nusgada çykarylar.


23.03.2026 21:50
3.2k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...

28.10.2025 19:42
2.6k+

Samsung moda äýnek brendleri bilen hyzmatdaşlykda Android XR akylly äýneklerini çykarar

Samsung Android XR platformasynyň esasynda işleýän täze görnüşli akylly äýneklerini taýýarlap başlandygyny resmi taýdan mälim etdi. Täze enjam giňeldilen hakykat (AR) mümkinçilikleriniň gündelik durmuşda, işde we güýmenjede amatly ýagdaýda ulanylmagyny göz öňünde tutýar...

22.08.2023 18:10
18k+

Barbi stilinde bezelen Samsung Galaxy Z Fold, Z Flip 5, iPhone 15 Pro, Apple Watch Series 9 hödürlendi

Russiýanyň gymmat bahaly materiallardan ýasalan enjamlary öndürýän «Caviar» kompaniýasy «Barbi» filminiň we oýnawaçlarynyň stilinde bezelen «Barbiecore» enjamlarynyň toplumyny tanyşdyrdy. Bu önümler barada maglumatlar...

26.03.2026 15:37
7.1k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......